Ỳer tiremede ejir çekenlere ỳardam bermek hakynda bildiriş

Aşkabat Büyükelçiliği 10.02.2023

Ỳer tiremede ejir çekenlere ỳardam bermek hakynda bildiriş

Türkiỳede 2023-nji ỳylyň 6-njy fewralynda bolup geçen pajygaly ỳer titreme sebäpli Ilçihana ỳüz tutỳanlardan, ỳer titremäniň täsirinde galan mätäçlere ỳardam bermek baradaky arzuwlary minnetdarlyk bilen kabul edilỳär.

Şuňa görä-de Ilçihanamyzyň adyna Türkmen-türk täjirçilik bankynda, Türkiỳe Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň tebigy betbagtçylyklar we adatdan daşary ỳagdaỳlary dolandyryş müdirliginiň (AFAD) we Türk Gyzyl ỳarymaỳ guramasynyň (Kızılay) ỳardam üçin açylan hasaplaşyk hasaplaryna geçirilỳän serişdelerden tutumlaryň alynmazlygy üçin ABŞ dollary hasaby açylyp, onuň maglumatlary aşakda görkezilen.

Şeỳle-de ynsanperwer ỳardam guramalary bolan AFAD-ỳn we Kızılay-yň aşakda maglumatlary görkezilen bank hasaplaşyk hasaplaryna geçiriljek serişdelerden-de tutum alynmazlygy üçin Türkmen-türk täjirçilik bankynda mümkinçilik döredilen.

Türkiỳe Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň - Ỳer titremä ỳardam hasaby

Türkmen-türk täjirçilik banky

ABŞ dollary hasaby: 23203840273172101909000

Türkiỳe Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň tebigy betbagtçylyklar we adatdan daşary ỳagdaỳlary dolandyryş müdirligi(AFAD)

T.R. Ziraat Banky A.Ş.

Ankara kamu kurumsal şahamçasy

Türk lirasy: TR73 0001 0017 4555 5555 5552 04

ABŞ dollary: TR 46 0001 0017 4555 5555 5552 05

Ỳewro: TR 19 0001 0017 4555 5555 5552 06

SWIFTkody: TCZBTR2A

Türk Gyzyl ỳarymaỳ guramasy

T.R. Ziraat Banky A.Ş.

Çukurambar/ Ankara kamu kurumsal şahamçasy

Türk Lirasy: TR48 0001 0021 1000 0028 6852 54

ABŞ dollary: TR21 0001 0021 1000 0028 6852 55

Ỳewro: TR91 0001 0021 1000 0028 6852 56

SWIFTkody: TCZBTR2A

Mundan başga-da AFAD, Kızılay we Türkiỳäniň Din işleri boỳunça fondynyň aşakda salgylary görkezilen internet sahypalaryndan agzalan guramalaryň ỳardam hasaplaryna internetiň üsti bilen serişde geçirmek mümkin.

- https://www.kizilay.org.tr/Bagis/BagisYap/404/pazarcik-depremi-bagisi

- https://bagis.tdv.org/afet/deprem-25

- https://www.afad.gov.tr/depremkampanyasi2

- https://bagis.tdv.org/afet/deprem-25

Ỳer titremäniň ỳaralarynyň tiz bitmegine goşant goşmak isleỳänlere hormat bilen habar berilỳär.

Atatürk

Ahmet Demirok Чрезвычайный и Полномочный Посол
Понедельник - Пятницa

09:00 - 13:00 / 14:00 - 18:00

Konsolosluk Şubesinda haftaiçi her gün 09:00 - 12:00, 13:00 - 16:00 saatleri arasında randevuyla işlem yapılmaktadır.
01.01.2025 02.01.2025
08.03.2025 09.03.2025
21.03.2025 22.03.2025
30.03.2025 01.04.2025
18.05.2025 19.05.2025
06.06.2025 09.06.2025
27.09.2025 28.09.2025
06.10.2025 07.10.2025
12.12.2025 13.12.2025